Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar gatnaşdylar.
Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag, üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de oňa maýa goýumlary çekmäge giňden ýardam berjekdigini belläp geçdi. Maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir diýip belledi we Türkmenistanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýandygyny, islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalarynyň diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biljekdigini nygtady.
Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredip, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin uly işleri alyp barýan Gahryman Argadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz janlary sag, belent başlary aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maksatmyrat SÄHETMYRADOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby