i 39 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň, abadançylygyň mekany

24.03.2025

Söz mülküniň hökmürowany, şygryýet äleminiň ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýip jaýdar belleýşi ýaly, beýik şahsyýetlere mahsus çuň danalyk duýgusyny özünde jemleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap amala aşyran beýik işleriniň netijesinde, bagtyýar türkmen halkymyzy röwşen geljege sary alyp gitmek üçin yzygiderli tagallalar edendigini biz her ädimde duýduk.

 Bu gün bolsa, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn özgertmelerinden ybarat bolan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de bu iri möçberli özgertmelerde öz hakyky beýanyny tapandygynyň aýdyň şaýady.

     Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp aýtgy bar. Şeýle sözlerden ruhlanýan bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni, her bir pursaty taryhy wakalara, şatlykly senelere beslenýär. Her bir günüň toýa, her bir pursatyň ýakymly wakalara utgaşýan zamanynda ýaşamagyň lezzeti barada söz açanymyzda, eziz Diýarymyzyň özgerişli keşbiniň ajaýyp goýnuna dolýarsyň.

Bu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli halkara çäreler geçiriler. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň syýasy meýdançasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrüldi.

Hojanazar GYLYJOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 37 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Söwda – ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda

6603e5e36c214648827917 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop