img 7242 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025

HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Saparyň ilkinji güni rumin kärdeşleri bilen bolan duşuşykda türkmen mugallymlary onlaýn kurslary düzmekde we bilim ulgamyny dolandyrmakda tehnologiýalaryň ulanylmagy boýunça tejribe alyşdylar. Taraplar, hususan-da Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk memorandumynyň esasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda “Iki diploma” we ýokary bilimden soňky okuw maksatnamalarynyň döredilmegi meselelerine aýratyn üns berdiler.

Saparyň ahyrynda, HYYweÖU-nyň mugallymlarynyň Rumyniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan bu uniwersitetiň okuw maksatnamalaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek, şeýle hem möhüm ugurlarda ylmy gözlegler geçirmek boýunça tejribesi bilen tanyşmagyna garaşylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:44 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
i 41 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şanly ýylyň belent şygary – köňülleriň joşguny

4cnf4husrqdwrqs0l5ozcrheqg3benqitiqq9vdt THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasy

Soňkylar Habar

GitTop