Eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki zaman ykdysadyýetinde hususy pudagyň ösüşi we oňa maýa goýumlarynyň çekilmegi ykdysady ösüşiň möhüm sütüni bolup durýar. Türkmenistanda hususy telekeçiligi goldamak, ony döwrebaplaşdyrmak we halkara bazarlara çykarmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegi üçin hukuk we ykdysady şertleriň döredilmegi maýa goýum çekmekde möhüm orun eýeleýär. Hususy pudaga maýa goýumlary çekmek bilen baglylykda döwlet tarapyndan amatly işewürlik gurşawy döredilýär.
Türkmen telekeçileri oba hojalygyndan başlap, senagat önümçiligine çenli dürli ugurlarda netijeli iş alyp barýarlar. Içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem möhüm ugurlaryň biridir.
Türkmenistanyň ösüş strategiýasynda maýa goýum syýasaty möhüm orny eýeleýär. Ýurduň ykdysady ösüşi diňe bir içerki bazaryň ösmegi bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly hem ösdürilýär. Maýa goýum mümkinçilikleriniň sanly ykdysadyýet bilen baglanyşykly täze ugurlara gönükdirilmegi ykdysady ösüşiň täze tapgyryny açýar.
Türkmenistanda hususy pudagyň ösmegi we maýa goýumlaryň artdyrylmagy ykdysady durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Döwrebap telekeçilik taslamalarynyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Forumyň dowamynda geçirilen pikir alyşmalar we baglaşylan ylalaşyklar ýurduň maýa goýum mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär.
Aýperi ALLALYÝEWA
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby