Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçilik

27.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda wajyp orun eýeleýän adalgalar bolup durýar. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu sözlere çuň many-mazmuny özünde jemleýän sözler, derwaýys adalgalar hökmünde garapdyr.

Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz sebitde parahatçylygy üpjün etmekde, özara ylalaşygy ýola goýmakda netijeli işler alyp barýan merkez hökmünde  tanalýar. Ak şäherimiz Aşgabat halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sammitleriň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi.  Muňa “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara maslahaty aýdyň mysal bolup biler. 

Ýurdumyzyň maýa goýum strategiýasynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň işiniň ilerledilmegine uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä, häzirki döwürde telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Geçirilen forumda türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy, hususy önüm öndürijileri goldamak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň döredýän ajaýyp mümkinçilikleri giňişleýin wideoşekiller arkaly açylyp görkezildi.

Amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, dürli pudaklarda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşlerini ösdürmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Türkmenistanda netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagynyň, maýa goýumlar babatda ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýändigi, dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Aýjeren MÄMMETMYRADOWA
Turkmen Dowlet Maliye institutynyn talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kyyrejybvq6j40wgd8le9hlucmahukwvps8gtzar1ymakkfl94ukjhlpemcy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara asuda parahat ýurdumyz

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzda ýokary depginler bilen ösýän ösüşler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop