Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, häzirki wagtda strategik wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Daşary ýurtly maýadarlaryň iş alyp barmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagyna oňyn täsir edýär we maýa goýum mümkinçiliklerimizi has-da ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärçilikli çemeleşýär.
Türkmenistanda netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagynyň, maýa goýumlar babatda ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýändigi, dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellenildi. Döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen, hususy bölek durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ykdysadyýetiň pudaklarynda netijeli işleýärler, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Telekeçiler tarapyndan karz serişdeleriniň, çekilen maýa goýumlaryň hasabyna dürli pudaklara degişli desgalar gurulýar, täze zawod-fabrikler işe girizilýär. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler içerki bazary dürli görnüşli önümler bilen üpjün edip, olaryň eksporta iberilýän möçberi-de yzygiderli artdyrylýar.
UMAR ERGEŞOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby