THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (UNFPA) TÜRKMENISTANDAKY ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

26.03.2025

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy myhmany bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işlerinde we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany we ýaşlary goldamak, gender deňligini üpjün etmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi we geljekde bilelikde geçirilmeli çäreler ara maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ähmiýeti nygtaldy. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
cqq5dh0jbugu4108acfszclnrjr6yx78wqov76fi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

is8hsmaughcwm5nhkazjmnpeeurdtjpk5ahsjdwo THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherine iş saparyny amala aşyrdylar

Soňkylar Habar

GitTop