is8hsmaughcwm5nhkazjmnpeeurdtjpk5ahsjdwo THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherine iş saparyny amala aşyrdylar

26.03.2025

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherindäki Ýewropa Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy bilen bilelikde geçiren “Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň orny” atly ýörite mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň, onuň halkara gatnaşyklarynda durnuklylygyň we ynanyşmagyň esasy şerti hökmünde örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada hem bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ösüşi, onuň hukuk esaslary hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, golaýda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ygtybarly meýdança bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işleri barada maglumat berdiler.

Mejlise gatnaşyjylar bu maslahatyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilendigini aýratyn bellediler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:34 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
pelwpn8gnrpykitc7xmn84asmhn3iai6tajto9oy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (UNFPA) TÜRKMENISTANDAKY ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

642aea3b082f662b91197cb25c1aff78cafa6eb0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gmail-da emeli aň e-poçta ýazmak üçin has köp dili goldap başlady.

Soňkylar Habar

GitTop