img 5466 THE ASHGABAT TIMES

BSG Türkmenistanda inçekeseliň gözegçiligi ugrundaky mümkinçilikleri pugtalandyrýar.

28.03.2025

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 24–28-nji marty – Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we bejermek işini gowulandyrmak boýunça tagallalary goldamak maksady bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSG) ýurt boýunça edarasy BSG-nyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň (ÝSB) hünärmenleriniň missiýasyny gurnady. Missiýanyň maksady Türkmenistanda inçekesel boýunça milli elektron registri (TB-RRIS) ornaşdyrmagy çaltlaşdyrmak bolup, bu registr ýurtda inçekesel gözegçiligi güýçlendirmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär.

img 5382 THE ASHGABAT TIMES

Missiýa BSG-nyň ÝSB-nyň epidemiologiki gözegçilik boýunça eksperti doktor Ana Çiobanu hem-de elektron registriň işlenip düzülmegi we synag edilmegi boýunça hünärmeni Andreý Kazakunyň ýolbaşçylygynda geçirilip, TB-RRIS-iň öndürijiligini we operasiýa netijeliligini bahalandyrmak üçin giňişleýin tehniki syn edişi öz içine aldy.

Mundan başga-da, BSG-nyň ÝSB hünärmenleri tarapyndan Aşgabatda Halkara ylmy merkezinde “TB-RRIS maglumat ulgamyny ulanmak” atly iki günlük okuw kursy gurnaldy. Bu kurs inçekeseliň öňüni almak we bejermek merkeziniň kliniki we laboratoriýa hünärmenleri, şeýle hem onuň welaýatlardaky bölümleri üçin taýýarlanyldy we TB-RRIS elektron registrine maglumat girizmek mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Missiýa inçekeseliň öňüni almak we bejermek merkezinde tehniki meseleleri we olaryň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk bilen tamamlandy. Şeýle-de, TB-RRIS elektron programmasyny Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde ornaşdyrmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

BSG-nyň ÝSB-nyň missiýasy Türkmenistanyň inçekesel bilen göreşdäki ygrarlylygyny nygtaýar we BSG-nyň Ýewropa sebitindäki jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
659f81f61a786633691135 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy we özara düşünişmegi güýçlendirmek

20250326 184117 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasy ENCATC bilen bilelikde medeni agşamlyk geçirdi

Soňkylar Habar

GitTop