2025-nji ýylyň 19-njy martynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirildi.
Bu maslahatda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine, nebit gaz pudagynň, ulag logistika ulgamynyň we başgada birnäçe sebitara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly bäş sany sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny beýan edýän mejlisler bilen dowam etdi. Forumyň degişli ugurlar boýunça mejlislerinde ýurdumyz bilen ygtybarly maliýe hyzmatdaşlygy ýola goýan Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki dostlukly ýurtlaryň wekilleri geljekde döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrülendigini çykyşlarynda belläp geçdiler.
Medine TAHYROWA
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby