Aşgabat, 2025-nji ýylyň 28-nji marty – Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maliýe bazarlarynyň ösmegine institusional we düzgünleşdiriji gurşawy pugtalandyrmaga ýardam bermek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25–27-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat biržasy hünärmenleri üçin üç günlük seminar geçirildi.

BMGÖM-nyň halkara eksperti Ýelena Andreýewa seminara gatnaşyjylara gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny hödürledi. Ol esasan biržalaryň, depozitariýleriň, dellalçylyk we satyjyçylyk guramalarynyň hem-de beýleki hünärmen düzümleriniň gymmatly kagyzlar bazarynyň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmakdaky ornuna aýratyn üns berip, döwlet kärhanalaryny paýdarlaşdyrmak boýunça iň gowy dünýä tejribelerini paýlaşdy.
Seminar açyk çekişmeler üçin meýdança bolup, onuň çäklerinde institusional gurluşlary kämilleşdirmek, milli kanunçylyk we ýurduň gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüşiniň beýleki möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMGÖM-nyň eksperti Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat biržasynyň wekilleri bilen maslahat geçirip, öz analitiki işiniň netijelerini we ulgamy mundan beýläk hem kämilleşdirmek, şol sanda bazaryň infrastrukturasyny we milli kanunçylyk ulgamyny gowulandyrmak boýunça tekliplerini paýlaşdy.
Bu çäreler BMGÖM bilen milli hyzmatdaşlaryň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň dowamydyr. Taslamanyň çäginde aýratyn üns kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüş strategiýasynyň işlenip düzülmegine we depozitariý ulgamyny döretmäge taýýarlyk meselelerine gönükdirilýär.