THE ASHGABAT TIMES

Döwlet maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi

28.03.2025

Türkmenistan dünýä hojalyk gurluşynyň ähli derejelerinde durnukly hem deňeçer ösüşiň goldanylmagyna gönükdirilen sebitleýin we ählumumy tagallalara işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu ugurda anyk çäreleri geçirýär. Hususan-da, şäher gurluşygynyň gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, elýeterliligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler, howpsuz ýaşaýyş jaý üpjünçiligi, ýurduň ilatyna häzirki zaman halkara derejelerinde durmuş hyzmatlaryny etmek ugrunda işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Daşary ýurtly maýadarlaryň iş alyp barmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagyna oňyn täsir edýär we maýa goýum mümkinçiliklerimizi has-da ýokarlandyrýar. Ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň her ýylky möçberi 30 göterimden gowrakdyr. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 13 göterime ýetýär. Bellenilişi ýaly, bu görkezijiler döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de daşyndan çekilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy netijesinde üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, ýokary ykdysady ösüş, kuwwatly serişde we çig mal binýady, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasaty hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň uly möçberli maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berýän esasy şertlerdir.

Döwlet maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi maýa goýumlar ulgamynda döwlet kadalaşdyryş ulgamynyň hem-de oňa ornaşdyrylan guramaçylyk, hukuk we ykdysady gurallaryň hasabyna üpjün edilýär. Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, häzirki wagtda strategik wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Senagat jemgyýetini döretmek iň möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek, ony çig mal görnüşinden senagat-innowasion ösüş ýoluna geçirmek, ýokary tehnologiýaly, ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegi, sanly ykdysadyýete geçilmegi, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary goşmaça nyrhly önümleri öndürmek boýunça häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenistan dürli ýurtlara tebigy gazy, nebit, gaz we nebithimiýa önümlerini, elektrik energiýasyny, mineral dökünleri, gurluşyk serişdelerini, himiýa we azyk önümlerini iberýär. Önümleriň eksport möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň hem-de sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen höweslendirilýär. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

Ýurdumyzyň maýa goýum strategiýasynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösdürilmegi ugur edinilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlarynda kiçi hem-de orta telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän goldaw giňden beýan edildi.

Döwletgeldi TÖRÄÝEW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüşini dowam etdirýär.

606d3d479a049867682920 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop