Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň her ýylda durnukly ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Garaşsyzlygyň ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmakda maliýe-bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan innowasion özgertmeler banklaryň maýalaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagyna, maliýe serişdeleriniň binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasion bank önümleriniň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, agzalan ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsini ýetirýär. Ulgama täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ilata töleg-hasaplaşyk, depozit we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamy döwrebap maglumat tehnologiýalarydyr kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn giňeýär we karz edaralarynda hyzmatlaryň täze görnüşleri yzygiderli ornaşdyrylýar.
Türkmenistanda ykdysady durnuklylygyň, kanuny kepillikleriň hem-de döwlet goldawynyň ýokary derejede üpjün edilmegi daşary ýurt maýadarlarynda ýurdumyz bilen bagly gyzyklanmalary has-da artdyrýar. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň netijesinde döwlet hem-de halkara derejede iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döreýär, milli önümçiligiň binýady düýpgöter özgerýär, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni binalaryň uly toplumlary gurlup ulanylmaga berilýär.
Häzirki döwürde daşary ýurt kompaniýalary agyr senagat, dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi, syýahatçylyk, ulag-kommunikasiýa, raýat awiasiýasynyň, demir we deňiz ulaglarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, milli emeli hemramyzy ulanmak ýaly ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar.
Milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan önjeýli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen üpjün edilýär. Bu ugurda gazanylan oňyn tejribeler kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine hem itergi berýär. Ýurdumyzda telekeçileriň önümçilikleri döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak işi çalt depginlerde ösdürilýär.
Arslan SEÝITMYRADOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby