Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama biragyzdan kabul edildi.
Kararnamany hödürlemek bilen, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňişliginde durmuşa geçirmegiň binýady bolup durýandygy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji kararnamanyň kabul edilen gününden bäri Türkmenistan özüniň bitaraplyk ugruna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän hemmetaraplaýyn goldawa daýanmak bilen, sebit we dünýä derejelerinde öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär.
Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we Merkezi Aziýada Parahatçylyk we ynanyşmak zolagy ýaly sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goramagyň we berkitmegiň möhüm institutlarynda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Şu ýyl hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda möhüm wakalar bolup geçýär.
Bahar BEKMYRADOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň müdiri