1743136402508 THE ASHGABAT TIMES

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Awazada boljak III maslahatybarada ýaş wagyzçylar bilen okuw sapaklary geçirilip başlandy

28.03.2025

  Garaaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz her ýyl halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzda halkara derejeleri maslahatlar, forumlar  her ýyl ýokary guramaçylyk esasynda geçirilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli 2025-nji ýylda hem ýurdumyzda birnäçe maslahatlar, forumlar geçirilýär.

  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 26-njy martda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahaty barada okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylar gatnaşdy. Okuw sapagynyň dowamynda  Hazar deňziniň merjeni Awaza milli sýahatçylyk zolagynyň diňe bir ekologiki syýahatçylygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen çäklenmän eýsem, halkara işewürlik forumlarynyň, maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, halkara bäsleşiklerdir, festiwallaryň sport we medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülendigi nygtaldy.

Şeýle-de okuw sapagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşjak ýaş wagyzçylaryň wezipeleri dogrusynda gürrüň berildi.

Okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň döwletimizde, dünýäde halkara ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan işlerini beýan etmekde ýaş wagyzçylaryň öňünde durýan wezipeleri düşündirildi. Şol sanda Watanymyzyň halkara giňişliginde gazanýan üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin , iri halkara forumlaryň geçirilmegi üçin uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtýarys.

Nabat BAGYÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mugallymy

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
606d3d479a049867682920 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi

04112022 011 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi – parahatçylyk binýadymyz  

Soňkylar Habar

GitTop