Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

28.03.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşygy geçirildi.

priem 01 THE ASHGABAT TIMES

O.Atabaýewa halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin myhmana hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Russiýanyň ýolbaşçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Hanym Inna Swýatenko, öz gezeginde, ajaýyp Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi.

Duşuşykda ynsanperwer ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns çekildi. Çagalaryň saglygyny goramagyň we ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri alyp barmagyň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazna tarapyndan häzirki wagta çenli amala aşyrylan işleriň çagalaryň sazlaşykly ösmegine, olaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Hususan-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik kömeginiň iberilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan bu düzümiň durmuşa geçirýän işleri barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko iki ýurduň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zsd7wikf8xkq4f8hit70c5lugtwzqpxfhjqqlyco THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti EYR-nyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

fmys7aqjgaxamt1gdrpi6sbwcpne715djvzy5kbb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop