Versus YouTube kanalynyň ýolbaşçysy Galaxy S22, S23, S24 we S25 telefonlarynyň foto we wideo hilli tapawudyny anyklady.
Esasy kamera boýunça S25 öňdäki orny eýeledi, iň pes görkezijiler bolsa S23-de boldy. Ultra giň kamera boýunça iň köp baha S24 aldy, iň az baha bolsa S22-de boldy.
Portret suratlarynda S25 iň üstünlikli suratlary aldy. Galan modellere bu babatda bary-ýogy 2 bal ýetmedi.
Gündiz wagtynda wideo düşürmekde S24 we S25 öňdäki orunlary eýelediler, soňky orunda bolsa S23 boldy. Stabilleşdirmek boýunça S22 soňky ýerde boldy, galan modellerde bu görkeziji 2 bal ýokarydy.
Suratlaryň nusgalary we synag netijeleri bilen aşakdaky baglanyşykdan tanyşyp bilersiňiz.

















Netije: Foto we wideo hili boýunça birinji orny S25 (9.175 bal) eýeledi, onuň yzyndan S24 (9.075 bal) bardy. Soňky orny S23, onuň öňki orny bolsa S22 eýeledi.