Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

AJAÝYP ESER- BIZ ÝAŞLAR ÜÇIN KÄMIL ÝOL-ÝÖRELGE, NUSGALYK GOLLANMA

24.01.2024

Ata Watanymyzyň her bir güni bagtlylykdan nyşandyr. Bagtly günleriň şaýady bolýan günlerimiziň her bir pursaty bolsa, taryhy wakalara, şatlykly senelere baýdyr. Şeýle taryhy wakalaryň toý-baýramlara beslenýän günlerinde, Täze ýylyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy, biz ýaşlaryň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly eserinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň,  döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalaryň jemi jemlenýär. Bu kitap Watany söýüp, ony ezizlenmegiň, halal zähmet çekip, il-ýurda ak ýürekden hyzmat etmegiň iň kämil waspçysydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndaky Watançylyk pentleri bize hemişe ýol ýörelge, baý durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär. Täze kitapda şu gün we geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Olarda mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, ýaşlarymyzyň beýik işleri, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri, ylym-bilim, medeniýet, sport, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, döwletlilik, syýasat, taryh hem miras, şu gün hem geljek hakynda giňişleýin  söhbet edilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belent maksatlara ýetmekde halkymyza, aýratynam biz ýaşlara ruhy goldaw berer.

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan şeýle gymmatly eseri ýazmagy ýaş nesilleriň, biz talyp ýaşlaryň jemgyýetimizde tutýan ornuna uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý bolan ajaýyp eser kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma bolup, biz ýaşlaryň halkymyzyň, döwletimiziň bagtyýar geljegine bolan beýik ynamyny has-da berkidýär.

Goý, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

Kerim ÝEGENMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tGSgL9s1FU THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2024-NJI ÝYL – «PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLY

M96yqQqwTo THE ASHGABAT TIMES
Next Story

KEŞDELER – ZENAN DÜNÝÄSINIŇ ÄLEMGOŞARY

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop