HONOR täze arzan oýun telefony — GT Pro-ni çykarmaga taýynlanýar. Digital Chat Station atly çeşmä görä, täze enjam Snapdragon 8 Elite ýaly ýokary derejeli prosessor bilen üpjün edilip, RedMagic 10 Pro we ROG Phone 9 ýaly bäsdeşlere garşy çykjak, ýöne has elýeter bahada.
Telefonda 1.5K çözgütli, 120 Hz täzeleniş ýygylygy bolan tekiz AMOLED displeý bolar. Batareýanyň kuwwatly boljakdygy — 5300 mAh, we tiz zarýad almak üçin 90 W kuwwatlylygy wada berilýär. Munuň öňki GT modelinden birneme az bolmagyna garamazdan, beýleki taraplardan gowulaşmalar garaşylýar.
Öňki HONOR GT modeli Hytaýda 2199 ýuana (~$299) satylýardy we şol wagt-da elýeter bahada ýokary derejeli “demirleri” hödürleýärdi. GT Pro şu çemeleşmäni dowam etdirse, täze enjam ROG ýa-da RedMagic markasyny talap etmeýän, ýöne kuwwatlylyk we özbaşdaklyk boýunça talaplaryny kanagatlandyrýan oýunçylar üçin hit bolup biler.
Çykyş senesi entek yglan edilmedi, ýöne syzmalara görä, garaşyljak wagt uzak däl.