Baýramçylyk çäreleriniň ýokary ruhubelentlige beslenmegi Watanymyzda bagtyýarlygyň höküm sürýänligini görkezdi. Ýurdumyzda zenanlara uly hormat goýulýar. Olaryň işlemegi, döretmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda döwletiň durmuşyndaky we işindäki bu wajyp ähmiýetli ugurda ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Bagtyýar durmuş üçin Hormatly Prezidentimize aýdylan alkyşlar, ýaňlanan aýdymlar hoşallygyň senasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle-de ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etmek maksady bilen, hem-de “Halkara zenanlar güni” mynasybetli Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek pulyny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada işleýän aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “Halkara zenanlar güni” mynasybetli 60 manat möçberde pul sowgatlaryny her ýyl “Halkara zenanlar gününiň” öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
Ýurdumyza ýetip gelen “Halkara zenanlar güni” mynasybetli zenanlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy
Soňkylar Habar
Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy
Ozal habar berlişi ýaly, düýn ― 4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III
Türkmen türgenleri kikboks boýunça dünýä çempiony boldular
Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde kikboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky, biri bolsa üçünji basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, 84
UNFPA we milli hyzmatdaşlar 2025-nji ýylyň netijelerine seretdiler hem-de 2026-2030-njy ýyllar üçin strategiki ugurlary kesgitlediler
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seretmek boýunça duşuşyk geçirdi.
Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler
«Altyn asyr» elektron gazetinde paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin