Dark
Light
24.01.2026
tsts THE ASHGABAT TIMES

Edep-terbiýe – üstünligiň açary

11.04.2025

Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň özboluşly kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip ykrar edilen Türkmenistanda halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar.
Şu jähtden, ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmek, jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen, tutuş jemgyýetiň tagallalarynyň wajypdygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýagdaýlaryň sebäplerini içgin seljermek, olaryň wagtynda öňüni almak üçin sazlaşykly işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şunda raýatlaryň, hususan-da ýaşlaryň aň-düşünjesini jemgyýetçilik ähmiýetli döredijilikli ugra gönükdirmek, bagtyýar zamanamyzda yzygiderli kämilleşýän döwlet, hukuk we demokratik ulgamy durnukly jemgyýetçilik-syýasy ösüşler bilen sazlaşykly utgaşdyrmak döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň esasy we baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Alym Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, öz halkynyň däp-dessurlaryny, medeniýetini inçelik bilen duýmagy başarýan, onuň barha ösmegi üçin goşandyny goşjak nesilleri terbiýelemek häzirki döwürde ähli ulgamlaryň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir.
Ösüp gelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi, hemmetaraplaýyn düşünjeli bolup ýetişmekleri üçin ähmiýetli ugurlaryň biri hem olarda ýokary hukuk medeniýetini ösdürmekdir. Bu düşünje-endikler ýörite geçirilýän terbiýeçilik çäreleriň täsiri esasynda emele gelýär. Çaganyň aňyna hukuk terbiýesiniň ýagşy ornaşdyrylmagynda maşgalanyň, bilim edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki işi örän ähmiýetlidir. Şunda işiň esasy maksady döwlet tarapyndan berkidilýän, kepillendirýän we goralýan hukuk gatnaşyklaryny olaryň aňyna ýetirmekden, hukuk goraglylygyna we azatlygyna gözegçilik etmekden, umumylykda, ýaş raýatlarda ýokary hukuk düşünjeliligini kemala getirmekden ybaratdyr.

Röwşen MYRATBERDIÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1742421679984532306 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BITARAP TÜRKMENISTAN “DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ ORNY” FORUMYNDAKY GLOBAL ÄHMIÝETLI PIKIR ALYŞMALARYŇ MEÝDANÇASYDYR

Матча-и другие-альтернативы-кофе-для-бодрости-с утра
Next Story

Matça we beýleki kofe alternatiwalary irden energiýa almak üçin

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop