Bilimiň ösmegi häzirki zaman jemgyýetiniň iň möhüm taraplarynyň biridir. Dünýäniň giňden baglanyşykly we yzygiderli üýtgäp duran döwründe bilim, ynsanlary üstünlik gazanmaga, täze mümkinçilikleri döretmäge we dünýägaraýşyny giňeltmäge ugrukdyrýan güýç bolup hyzmat edýär.
Internet we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilimiň ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Elektron okuw platformalary, online sapaklar we sanly resminamalaryň elýeterliligi bilen islendik ynsan döwrebap maglumatlara ýakynlaşyp biler. Sanly dünýäde bilim almak, beýleki adamlaryň tejribesinden peýdalanmaga we dünýägaraýşy ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem, ylmyň we tehnologiýanyň tiz ösüşi bilimiň mazmunyny üýtgedýär. Täze ylmy açyşlar, täze tehnologiýalar we maglumatlaryň köpelmegi bilen adamlar soňky maglumatlary öwrenip, öz ukyplaryny ösdürmegi başarýarlar. Bu ýagdaý bilimiň deňsiz-taýsyz ilerlemegine mümkinçilik döredýär.
Bilimiň ösüşi, şeýle hem, jemgyýetiň durmuşyna we medeniýetine uly täsir edýär. Okuw sapaklarynyň, kitaplaryň we dürli okuw çäreleriniň giňden ýaýradylmagy adamlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna we has giň gözýetimli bolmagyna itergi berýär. Okuw we bilim arkaly ýaşlar jemgyýetiň ösüşine we durnuklylygyna goşant goşýar.
Bilim diňe bir maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem adamzadyň başarnygyny kämilleşdirmegiň hem esasy serişdesidir. Bilim diňe bir hakykaty öwretmek däl, eýsem pikirlenmegi, derňemegi we täze çözgütleri tapmagy öwredýär. Häzirki zaman dünýäsinde bilimiň ösüşi, diňe bir adamlaryň şahsy ösüşi üçin däl-de, eýsem tutuş dünýäniň ösüşi üçin hem wajyp bolup durýar.
Şadyýan RÖWŞENOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby