THE ASHGABAT TIMES

Ýylymyzyň şygary – ösüşleriň nyşany

18.04.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllar ýyllardan zyýada gelýändigini görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her günümiz toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär.

Ata Watanymyzda her ýyla hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşini şöhlelendirýär. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen bosagadan ätlän täze – 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Bu şygarda çuň many-mazmun bar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýörelgeler berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. Belent maksatlar bilen nurana geljege barýan, ýurt parahatçylygynda, il agzybirliginde gurýan, döredýän bagtyýar halkymyzyň üstünlikleri üstünliklere ulaşýar.

Bütin yklymy parahat we bir-birege ynanyşmak arkaly ýaşamaga çagyrýan döwletli Diýarymyz üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Biz hem taryha şöhrat-şan goşjak täze – 2025-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, şanly ýylda döredijilikli zähmet çekip, ösüp gelýän ýaş nesilleri beýik döwrümiziň ruhunda terbiýelemekde, olary il-günümize mynasyp kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän, ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Güljahan MEDJANOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Žurnalistika kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
21ed1c5bf300bacf27c77797ff01cee9 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ulgam — döwrebap ösüşleriň binýady

1241wrea1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş energetikler- öňdebaryjy orunlarda

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop