Türkmen bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň dosty we ýolbeledi bolup hyzmat edip geldi. Taryhy maglumatlar türkmen atlarynyň gadymy döwürlerden bäri dünýäde iň güýçli we syratly bedewleriň biri hökmünde tanalýandygyny görkezýär. Türkmenler bu atlary diňe bir ulag hökmünde däl, eýsem dost we halk medeniýetiniň bir bölegi hökmünde hem sarpalapdyr.
Türkmen bedewleriniň iň meşhury Ahalteke tohumydyr. Bu tohum ajaýyp syratly keşbi, çydamlylygy we tizligi bilen tanalýar. Ahalteke bedewleriniň ýüpek ýaly ýalpyldaýan derisi olary beýleki tohumlardan tapawutlandyrýar. Şeýle hem, olaryň ynsan bilen aýratyn baglanyşygy we akyllylygy köp kişini haýran galdyrýar.
Türkmen bedewi diňe bir at däl-de, halkyň ruhunyň we medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. Olar türkmeniň bagty we abraýy hökmünde sarpalanýar. Halk arasynda atalar sözüne giren “At, it – adamyň dosty” diýlen jümlä hem halkyň bedewlere bolan çuňňur söýgüsini görkezýär. Türkmenler bedewlere diňe bir ulag däl-de, dost we ýoldaş hökmünde garapdyr. Bu bedewleriň gözelligi we aýratynlyklary dünýäde hem ýokary baha berilýär.
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy bellenilýär. Bu baýramçylykda dürli çäreler, at çapyşyklary we sergiler gurnalýar. Bu çäreler diňe bir bedewleriň gözelligini görkezmek bilen çäklenmän, türkmen halkynyň bu tohumy ösdürmekde we gorap saklamakda ýerine ýetirýän hyzmatyna hem uly sarpa goýýar. Türkmen bedewi türkmen halkynyň buýsanjydyr. Olaryň syratlylygy, çydamlylygy we ynsan bilen aýratyn gatnaşyklary türkmen medeniýetiniň hem-de taryhynyň aýrylmaz bir bölegi bolup galýar.
Melewşe KARLIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy