Biogeografiýa Ýer ýüzünde ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaýraýşynyň, paýlanyşynyň umumy kanunalaýyklyklaryny öwrenmek bilen, ol ýokary bilimli tebigaty öwreniji hünärmenleri (geograflary, ekologlary, biologlary) taýýarlamakda aýratyn hyzmata eýedir. Biogeo-grafiýa Ýerde janly bedenleriň we olaryň toparlanmalarynyň geografik ýaýraýşynyň we ýerleşişiniň kanunalaýyklyklary baradaky ylymdyr. Toparlanmalar we bedenler diňe bir biogeografiýanyň däl-de, eýsem, biologiýanyň we ekologiýanyň hem obýektleridir. Geografiýa ylmy hökmünde biogeografiýa ilkinji nobatda bu obýektleriň giňişlikde ýerleşişini, olaryň biri-biri bilen we gurşawyň şertleri bilen özara täsirini, Ýer togalagynyň we onuň aýry-aýry sebitleriniň ösümlik örtüginiň hem-de haýwanat dünýäsiniň gurluşynyň we dinamikasynyň wajyp kanunalaýyklyklaryny öwrenýär.
Biogeografiýa – bu janly bedenleriň öz arasyndaky hem-de daşky gurşawyň organiki däl tebigaty bilen gatnaşyklary, bedenden ýokarky tebigy ulgamlardaky baglanyşyklar, şol ulgamlaryň gurluşy we hereketi baradaky ylymdyr.Onuň ylym hökmünde döremegine Ýer ýüzündäki janly bedenleriň köpdürlüligi, olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada toplanan köpsanly ylmy maglumatlar itergi berdi. Bedenleriň diňe bir gurluşy we ýaşaýşy däl, olaryň daşky gurşaw bilen özara gatnaşyklary hem kesgitli kanunalaýyklyklara tabyndyr.
Häzirki zaman ekologiýa ylmy tebigatdan rejeli peýdalanmagyň, tebigy baýlyklar-dan tygşytly ulanmagyň we olary ygtybarly gorap saklamagyň nazary (teoretiki) esasy hasaplanylýar. Tebigat bilen adamzat jemgyýetiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny işläp düzmekde ekologiýa ylmyna esasy orun degişlidir. Ekologiýa häzirki wagtda güýçli depginler bilen ösýän ylym hasaplanylýar.
Ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýyş aýratynlyklary, olaryň ýaşaýşynyň daşky gurşawyň şertlerine baglylygy, tebigatda ýaýraýşy we paýlanyşy baradaky maglumatlary toplamak has gadymy döwürlerden başlanypdyr. Gadymy grek alymy Aristotel özüne mälim bolan haýwanlaryň 500 görnüşini ýazga geçiripdir. Şol haýwanlaryň özlerini alyp baryşlary, ýaşaýan ýerleri, balyklaryň we guşlaryň gyşlaýyşlary, olaryň köpçülik bolup ýaşaýyşlary onuň ünsüni özüne çekýär. Ösümlikleriň we haýwanlaryň täze görnüşlerini ýüze çykarmak, olaryň daşky we içki gurluşyny ýazyp beýan etmek – ýaşaýşy öwreniş (biologiýa) ylmynyň irki ösüş döwrüniň baş maksady bolupdy.
Biogeografiýa ylmy öz ösüşiniň häzirki zaman basgançagynda diňe bir ösümlikleriň we haýwanlaryň Ýer ýüzünde ýaýraýşynyň kanunalaýyklyklaryny öwrenmän, eýsem, olaryň antropogen täsirleriň netijesinde üýtgeýjiligini hem öwrenýär. Rus alymlary A.G.Woronow (1911-1995) we G.B. Naumow biogeografiýanyň taryhyny döwürlere bölmek işlerini hem-de onuň ösmeginde öz goşantlaryny goşdular.
Türkmenistanyň tebigy şertleriniň köpdürli bolmagy haýwanat dünýäsiniň düzümine we ýaýraýşyna uly täsir edýär. Türkmenistanda haýwanat dünýäsini öwrenmek meselesi gözbaşyny XVIII asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýar. Bu döwürde ýurdumyzyň dürli künjekle-rine syýahat eden daşary ýurtly syýahatçylar bu gözel ülkäniň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini ýazyp beýan edýärler. Ösümliklerden gerbarileri, haýwanlardan kolleksiýalary toplapdyrlar. Emma bu syýahatçylaryň geçiren işleri özakymlaýyn häsiýete eýe bolan. Olaryň toplan materiallary baradaky anyk maglumatlar örän seýrek çap edilipdir. Hut şonuň üçin hem, şol maglumatlar köplere elýeterli däldir. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsini öwrenmegiň taryhyna bagyşlanan işler, umuman, aýry-aýry makalalar görnüşindedir. Bu ugurdan ýazylan saldamly işler az duş gelýär.
Ýurdumyz öz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra tebigy ylymlar, şol sanda biogeografiýa uly ösüşlere eýe boldy. Biziň ýurdumyzda biogeografiýa ylmynyň ösmeginde A.K. Rustamowyň, O. Nurgeldiýewiň, A.Ö. Täşliýewiň, T.Tokgaýewiň, A. Berdiýewiň, A. Eminowyň, S. Şammakowyň, Ç. Ataýewiň, W.G. Kapliniň,M.G. Nepesowanyň, O. Söýünowyň, G. Nurberdiýewiň, H.I. Atamy-radowyň, Ö. Sopyýewiň, N. Işadowyň, E.A. Rustamowyň, M. Aky-ýewanyň, E. Ataýewiň we beýlekileriň ýerine ýetiren düýpli ylmy işleriniň uly ähmiýeti bar.
Gurbantäç BÄŞIMOWA
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy