i 43 THE ASHGABAT TIMES

Saglyk we sport – durmuşyň gözelligi

25.04.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge gönüden-göni ýardam berýär.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň dikeldilmeginde şypahana bejergisi möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi arkaly bu infrastrukturanyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olar enjamlaşdyrylyş derejesi, hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezleri bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryndan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, bu möhüm durmuş ugurly pudagyň öňünde täze wezipeler goýuldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň binýadyny goýan Milli Liderimiz möhüm lukmançylyk desgalarynyň gurluşyk işleriniň barşyny hemişe gözegçilikde saklaýar. Ilatyň saglygyny goramak bilen bir hatarda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň sport bilen meşgullanmak we wagyz etmek bilen bagly asylly başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen, işjeň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň peýdasyny iş ýüzünde tassyklap, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän iri sport çärelerine, şol sanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe yzygiderli gatnaşýar.

Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak barha meşhurlyk gazanýar. Şol bir wagtyň özünde, ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany bolan sport beýleki jemgyýetçilik özgertmeleri üçin hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmegiň jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini iň ýokary derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagy tötänden däldir. Ösen sport infrastrukturasynyň döredilmegi esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde onlarça iri ugurdaş desgalar ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary derejeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, halkara ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala gelýär.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, onuň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. 

Umuman, häzirki wagtda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde ýaryşlary geçirmek üçin baý tejribä eýedir. 

Sadap HALLYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
17fefcdfd1423e9557a3da5ce117e5cf original.68232 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport – saglygyň girewidir 

original 1614416001a8fe THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Giň gerimli gurluşyklar — Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nyşany

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop