Ata Watanymyzy ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, onuň düzümleýin esasyny kämilleşdirmek şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi her ýyl täze binalardyr desgalar bilen has-da gözelleşýär. Olar Türkmenistanyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, şäheriň ulag-kommunikasiýa, inženerçilik-tehniki we ugurdaş düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak, olary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap ýollar, pyýadalar üçin ýodalar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler, duralgalar, ýol aýrytlary, köprüler ulanmaga berlip, täzeleriniň gurluşyklary dowam edýär. Paýtagtymyzyň barha özgerýän häzirki keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy, medeni däp-dessurlary öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň sebitleri hem hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Olaryň toplumlaýyn ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde we obalarda ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz welaýatlara iş saparlaryny amala aşyryp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeleriň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanyşýar. Bu gün ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Watanymyzyň iň çetki künjeklerinde-de durmuş maksatly binagärlik toplumlary, edara binalary, durmuş düzüminiň dürli desgalary, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar gurulýar hem-de önümçilikler döredilýär. Bularyň ählisi adamlar baradaky aladany, her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýändigini görkezýär.
Ýurdumyzda bildirilýän talaplara laýyklykda, desgalaryň gurluşygynda we bezeginde diňe ýokary hilli serişdeleriň ulanylýandygyny bellemek gerek. Bu serişdeler saýlanyp alnanda ýerli howa şertleri, ekologik talaplara laýyklygy, berkligi, ulanylyşynyň amatlylygy hökmany ýagdaý hökmünde göz öňünde tutulýar. Senagatlaşmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ýoluny saýlap alan döwletimiz bu ugurda yzygiderli çäreleri amala aşyryp, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Içerki bazaryň hemmetaraplaýyn artýan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak maksady bilen, pudaklaýyn kärhanalarda dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, pudagyň çig mal binýadyny giňeltmek üçin zerur bolan gazylyp alynýan magdanlaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik gözlegler işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeliligi önümçilik toplumynyň kuwwatynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän senagat önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyna, görnüşleriniň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň önümçilik düzüminiň esasy bölegini emele getirýän ýokary hilli sement önümlerini öndürip başlamak bilen, bu iri senagat kärhanalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ösüşe eýe bolan giň gerimli gurluşyk işleriniň ýokary depginini üpjün eder. Şeýlelikde, gurluşyk pudagyna yzygiderli gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleri şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere eýe bolýandygyny şertlendirýär hem-de uly peýda getirýär.
Gurluşyk pudagynyň telekeçilik işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň birine öwrülendigini bellemek gerek. Toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar.
Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän ähli desgalaryň esasy aýratynlyklarynyň biri-de olaryň binagärligiň gadymdan gelýän milli däplerini we şähergurluşyk ýörelgeleriniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýänligindedir. Bu bolsa döwletimiziň gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerini, dünýäniň iň gowy işläp taýýarlamalaryny üstünlikli utgaşdyrmak arkaly döwür bilen aýakdaş ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Umuman, Türkmenistan durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegi we halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagy baş maksat edinýän döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumynyň ähmiýetli ornuny hemmetaraplaýyn ykrar etmek bilen, bu meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we ýokary jogapkärçilikli çemeleşýär.
Rozagül ÝAGŞYMYRADOWA
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň
Söwda- Kooperatiw mekdebiniň mugallymy