KEŞDELER – ZENAN DÜNÝÄSINIŇ ÄLEMGOŞARY

24.01.2024

Halk umman ýaly giň. Ol özünde ümmülmez hazynany jemleýär. Has çuňluklardan gaýdyp, döwürleri aşyp gelýän halkyň döreden eserleri bolsa, şu günlerimize çenli öz gymmatyny ýitirmän, kämilleşip biziň durmuşymyza, nesillerimiziň terbiýesine öz oňyn täsirini ýetirip gelýär. 

Türkmen zenanlarynyň döredýän islendik el işini alanymyzda, bir hakykata göz ýetirmek bolýar. Ýürek mähri siňdirilip yhlas bilen edilen işleriň deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak sungat eserine deňelmegi ýöne ýere däl diýdirýär. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň elinden çykan işlerini, keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Eli hünärli gyzlar il içinde aýratyn hormata eýe bolupdyr. Keşde çekip, gaýma gaýap, milli egin-eşikleri bezeýän gelin-gyzlaryň zähmetine «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilmeginiň özem bu işiň sabyr-kanagatlylygy talap edýändigini aňladýar. El işleriniň birnäçe görnüşleri bolup, alaja hem olaryň biridir. Alaja inçe hem nepis iş. «Alaja aladyryn, nagyşa läledirin» diýlişi ýaly, alaja salnan islendik nagşyň gözelligini has artdyrýar. Şonuň üçin el işlerini alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halk arasynda alajanyň ruhy güýjüniň bardygyna ynanypdyr. Halkymyz ony gözden-dilden goraýjy hökmünde ulanypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar» diýip belleýär. Milli lybaslara, el işlerine, haly-palaslara aýratyn öwüşgin çaýýan alajanyň ak bilen gara sapaklardan işilmegine, örülmegine halkymyzda gije bilen gündiziň sazlaşygynyň beýany hökmünde garalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje manyly ömründe nesil terbiýesi bilen birlikde «Eden işi nusgalyk, sözlän sözi güwälik» diýilýän zenanlaryň hatarynda bolup, milli el işlerini çeperlik bilen ýerine ýetirip, türkmen gyz-gelinlerine terbiýe mekdebidigini bellemek gerek. Mähriban enäniň 2021-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylan gelin kürtesini görenimizde-de muňa aýdyň göz ýetirýäris. Eli çeper zenanyň baldyzy üçin ýigrimi günde bejeren kürtesi bu gün muzeýiň gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biridir. Ine, ýakynda bolsa Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň mähriban gaýynenesiniň ören alajasyny iş guraly bilen Döwlet muzeýine gowşurmagy gelin kürtesiniň, gülli jorabyň üstüni ýetirmek bilen, milli mirasyň gymmatyny has-da artdyrdy. Elbetde, bu paýhasly edilen iş ýerine-de düşdi. Enäniň el işleriniň bir ýerde jemlenmeginde sazlaşyk, gözellik hem bar.

Ajaýyp döwrümizde taryhy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan halkymyzyň gymmatly mirasyny dikeltmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy yzygiderli ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, türkmen zenanlarynyň döreden gözelliklerini, şol nepislikleri gorap saklap, sarpalap, şeýle asylly ýörelgeleri geljekki nesillere geçirmeklige uly itergi berýär. Milli ruhy-medeni gymmatlyklara sarpaly garamagyň, olary dünýä ýaýmagyň, geljekki nesiller üçin aýawly saklamagyň göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Altynaý REJEBOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:20 pm, Nov 24, 2024
temperature icon 13°C
небольшая облачность
Humidity 71 %
Pressure 1014 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

AJAÝYP ESER- BIZ ÝAŞLAR ÜÇIN KÄMIL ÝOL-ÝÖRELGE, NUSGALYK GOLLANMA

Next Story

SATUWY HÖWESLENDIRMEGIŇ USULARY

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop