1 32 1693382133 THE ASHGABAT TIMES

Saglyk – bu iň uly baýlyk

29.04.2025

Halkyň saglygy baradaky alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan asylly maksatlara gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş halkara ülňüleriniň derejesine ýetirildi.

Uly ösüşleri özüne hemra hem maksat edinen häzirki eşretli zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ynsan saglygy barada edilýän uly aladany ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy bilen deň hatarda döwlet ösüşiniň aýratyn möhüm ugry hökmünde kabul edip bolar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Ilatyň sagdyn bolup, yhlasly zähmetiň joşup gaýnan ýerinde ýurduň baýlygy artýar. Şol sebäpli ynsan saglygynyň berkden berk bolmagy ugrunda welaýatymyzyň ak ýektaýly lukmanlary irginsiz zähmet çekýärler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri goýup, «Il saglygy  ýurt baýlygy!» diýen şygara beslenýän beýik işleri durmuşa geçirýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak, adamyň saglygyny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak babatdaky işler döwlet syýasatynda ileri tutulýan orny eýeleýär. 

Milli Liderimiziň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleri dünýä jemgyýetçiliginiň iri halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň uly gyzyklanmasyna we ýokary bahasyna eýe bolýar.

Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek boýunça giň gerimli işleriň ýola goýulmagy, saglyk ähmiýetli tebigy ýer-suw serişdelerimizi peýdalanmagyň çäklerinde, bejeriji ähmiýetli tebigy zolaklarda şypahanalary gurmak, öňki bar bolanlarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler eýýämden özüniň miwelerini berýär. Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, lukmançylyk tejribesine täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak ýaly işler ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde ähli mümkinçilikleri döredýär.

Täçmyrat GARAÝEW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gutcvtbkluukgb6tvdlkbgvjkdvl72vzzx1c2ze8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisinde Kolumbiýanyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

213121 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ahalteke bedewleri—turkmen ruhunyň öçmejek şöhraty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop