Dark
Light
24.01.2026
wpbwsnuezncnbyqpgzljy9pinne9ht 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça alyp barýan ösüşleri

29.04.2025

Ýurdumyzda ýaňy ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

O.Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde Türkmenistanda üpjün edilen syýasy abadançylygyň, amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň ýurtda ähli ugurlar boýunça uly depginli ösüşleri gazanmaga, şol sanda hemaýat-goldawa mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek bermäge giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary esasynda 4 ýyl mundan ozal döredilip, Türkmenistanda hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşilýändigini aýdyň ýüze çykardy. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özüni türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň uly sogaplydygyny aýratyn nygtamak bilen, onuň işine ýokary baha berdi.

Munuň anyk mysaly hökmünde teleýaýlymyň işgärleri haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak üçin gaznanyň wise-prezidentinden interwýu bermegini haýyş etdiler. 

Duşuşykdan soň O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen dünýäniň meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler.

Meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň interwýusynyň bu gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edendigini belledi.

Selbi AMANOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zdrav THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglyk – ömrümiziň baş baýlygy

2025 04 29 6810bbdd07b37240911483 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Halkara Söwda we Hyzmatlar ulgamynda Täzelikler

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop