Dark
Light
24.01.2026
hinh nen moi truong 4 THE ASHGABAT TIMES

Daşky gurşawy goramak – milli ekologik abadançylygy ýerine ýetirmek

01.05.2025

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanan, peder ýoluny  parasatly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýplbaşçylygynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, biologiki köpdürliligini, suw we toprak serişdelerini goramak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda daşky gurşawy goramak baradaky kadalar görkezilip, raýatlaryň tebigaty goramak borjy kanun esasynda berkidilendir. Şeýle hem, ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2020 – 2040-njy ýyllar üçin Milli strategiýasy” bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn we ylmy taýdan esaslandyrylan görnüşde ýola goýýar. Strategiýa howanyň hiliniň gowulanmagyna, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, çölleşmä garşy göreşe we tebigy ýerleriň dikeldilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistan halkara derejesindäki ekologiýa başlangyçlara hem işjeň gatnaşýar. Eziz Diýarymyz BMG-niň daşky gurşaw bilen baglanyşykly birnäçe Konwensiýalarynyň agzasy bolup, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, häzirkizaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak syýasaty durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, ekologik deňagramlylygyň saklanylmagyna we ýaşaýşyň hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen strategiki ugur bolup çykyş edýär.

Aýlar ABDULLAÝEWA
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dgsgshwsdgdsgf THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türk Döwletleriniň Guramasynyň Bäsdeşlik Guramalarynyň Başlyklarynyň Ikinji Maslahaty Budapeştde Geçirildi

29072022aksiz 960x640 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaramaz endiklerden daşda durmak – sagdynlygy goramak

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop