Aşgabat, Türkmenistan — 2025-nji ýylyň 28-nji apreli bilen 1-nji maýy aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti (Turkmenstat) institusional we statistiki kuwwaty güýçlendirmek boýunça bilelikdäki taslamanyň çäginde birnäçe iş duşuşygyny geçirýärler.

Duşuşyklaryň mowzugy 2008-nji ýylyň Milli Hasabatlar Ulgamynyň (SNA 2008) halkara standartlaryna laýyklykda maliýe hasabatyny işläp düzmäge bagyşlanýar. Maslahatlardyr duşuşyklara halkara eksperti Peprone Margaryants hem-de Turkmenstat, Merkezi bank, Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi we beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Duşuşyklaryň dowamynda gatnaşyjylar maliýe hasabyny düzmek bilen baglanyşykly metodologik çemeleşmeler, maglumat çeşmeleri we analitiki mümkinçilikleri jikme-jik öwrenýärler. “Gazna hasabyny düzmekde, ykdysady pudaklaryň maglumatlary, hasabatlar we daşary sektor statistikasyna esaslanýan maglumatlar möhüm rol oýnaýar” — diýip, hanym Margaryants belledi.
Bu iş duşuşyklary BMGÖM we Turkmenstat tarapyndan amala aşyrylýan bilelikdäki taslama — “Milli Hasabatlar Ulgamynyň 2008-nji ýylky sistemasynyň ornaşdyrylmagy üçin maliýe hasabatyny işläp düzmäge goldaw bermek” çäginde guralýar. Taslamanyň maksady — Türkmenistanyň Hökümetiniň statistika kuwwatyny güýçlendirmek we statistiki maglumatlaryň hiliňi ýokarlandyrmak boýunça edýän tagallalaryna goldaw bermek bolup durýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurtdaky ykdysady, pul-karz we maliýe amallaryny has takyk seljermäge we yzarlaňmaga mümkinçilik berer.
2024-nji ýylda bu taslamanyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna okuw sapary guralypdy. Maksat — maliýe hasabatlaryny işläp düzmek boýunça bilimleri çuňlaşdyrmak we halkara tejribelere göz ýetirmekdi. Şeýle-de, Ermenistanyň statistika boýunça bilermenleriniň Türkmenistana sapary gurnaldy. Bu saparyň esasy maksady — Milli Hasabatlar Ulgamynyň 2008-nji ýylky sistemasynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly statistiki kuwwaty berkitmekdi.
Bilim we tejribe alyş-çalşygy dowam edýär we Türkmenistanda täsirli pul-karz we maliýe syýasatyny kemala getirmek üçin analitiki gurallary ösdürmäge itergi berýär.