Dark
Light
24.01.2026
1852249e397defdb9e2f6dd9962715f6 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýylymyzyň şygary – köňlümiziň çyragy

02.05.2025

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan parahatçylygy, durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça oňyn syýasaty durmuşa geçirýär. Bu başlangyç diňe bir milli çäkde däl, eýsem, halkara forumlary, maslahatlary we beýleki çärelere gatnaşygy arkaly bütin dünýä derejesinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Bu ýörelgä Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik ýoly hem aýdyň şahadat berýär. Onuň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusy ýurdumyzyň bu ugurdaky abraýyny has-da berkidýär.

Bu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli halkara çäreler geçirilýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň syýasy meýdançasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrüldi.

Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň esasynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny beýgeldýän, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri, tutumly maksatlary uly üstünliklere beslensin!

Pirnazar DURDYÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mag THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň akyldar şahyry

qwfzasfzfasfds THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Starbucks: Awtomatizasiýany Azaldyp, Baristalara Üns Bermek

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop