asdffasfd 1 THE ASHGABAT TIMES

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek halkara ylmy-taslama bäsleşiginine çagyrýarys !

03.05.2025

Türkmenistanyň S.A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersiteti 2025-nji ýylyň 2-6-njy iýun aralygynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirýär we siziň ýokary okuw mekdebiňiz talyplary oňa gatnaşmaga çagyrýar.

Bu halkara bäsleşik dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem ylmy maglumatlaryň, döwrebap barlaglaryň we nazaryýet hem-de amaly ylym bilen bagly meseleleriň özara peýdaly alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik döretmäge ýardam eder diýip, berk ynanýarys.

Halkara bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri. Bäsleşik Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň çäginde azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ugurlaryna gönükdirilendir.

Halkara bäsleşigi geçirmek bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň resmi web sahypasynda tohu.edu.tm ýerleşdiriler.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +99312342680

Elektron poçta: science.tm2024@gmail.com

Bäsleşigiň ugurlary:
Bäsleşik birnäçe ugur boýunça geçiriler we ylmy iş bilen meşgullanýan ýaş alymlara öz mümkinçiliklerini görkezmeklige kömek eder. Bu maksatlaryň arasynda:

Açlygy ýok etmek – Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygynyň durnukly ösüşini goldamak.

Arassa suw we arassaçylyk – Suw serişdeleriniň elýeterliligini we rejeli peýdalanmagyny üpjün etmek.

Elýeterli we arassa energiýa – Hemmeler üçin ygtybarly, gymmat däl, durnukly we döwrebap energiýa çeşmelerine elýeterlilik gazanmak.

Howanyň üýtgemegine garşy göreş – Klimatyň üýtgemegi bilen göreşmek üçin çalt we maksadalaýyk çäreler görmek.

Deňiz ekologiýa ulgamyny goramak – Ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak.

Gury ýer ekologiýa ulgamyny goramak – Tokaýlaryň rejeli peýdalanmagyny, çölleşmä garşy göreşmek we biodürlüligiň ýitmegini bes etmek.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:42 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
020525 86 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär

asdffadad THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kanal Avrupa teleýaýlym kanalynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi barada gürrüň berdi

Soňkylar Habar

GitTop