Dark
Light
25.01.2026
6aae11725769747d63ac979abdfd48e8 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti 

02.05.2025

Ýurdumyzyň ösüşine sanly ykdysadyýetiň ösmegi hem uly itergi berýär. Internet söwdasy, elektron tölegler, onlaýn bank hyzmatlary ýaly mümkinçilikler diňe bir telekeçilik üçin däl, eýsem, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin hem örän peýdalydyr. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy we sanly hyzmatlaryň geriminiň giňemegi, ilatyň islegleriniň barha artýan şertlerinde ýeňillikli ulgamlaryň döredilmegi ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hyzmat edýär. Täze iş orunlaryny döretmekdäki hyzmaty bolsa, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Sanly gurşawyň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen içerki önüm has-da artýar. Dünýäniň ösen döwletlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça gazanylan tejribelere salgylansak, ýurduň ykdysadyýetine sanly tehnologiýalaryň girip gelmegi üçin gönükdirilýän maýa goýumlar köp boldugyça, şonça-da jan başyna düşýän jemi içerki önüm has-da artýar.

Sanly ulgam hem, diňe bir amatlylyk döretmän, eýsem, jemgyýetiň aragatnaşyk mümkinçiliklerini hem artdyrdy. Jemgyýetçilik torlarynyň üsti bilen adamlar biri-biri bilen habarlaşyp bilýär, pikir alyşýarlar, dostluk gatnaşyklaryny saklaýarlar. Bu bolsa, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hem täze görnüşlerini kemala getirdi.

Ýöne sanly ulgamy ulanmagyň jogapkärçiligi hem bar. Munda maglumat howpsuzlygy, sanly medeniýet, internet ahlagy ýaly meseleler hem öňe çykýar. Şonuň üçin hem ýaş nesle sanly dünýädäki mümkinçiliklerden dogry peýdalanmagy öwretmek, olaryň bu ulgamda özlerini howpsuz duýmagy üçin çäreler görmek zerurdyr.

Sanly ulgam häzirkizaman jemgyýetiniň ösüşinde örän möhüm orun eýeleýär. Ol bilimden başlap ykdysadyýete, dolandyryşdan başlap gündelik ýaşaýşa çenli ähli ugurlara öz täsirini ýetirýär. Sanlylaşma bilen bilelikde, döredijilik, innowasiýa we täze pikirler üçin giň mümkinçilikler döreýär. Şonuň üçin hem, sanly ulgamy dogry we maksadalaýyk ulanmak biziň geljegimiziň esasyny düzýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem milli bilim özgertmeleriniň çäklerinde netijeli işlemäge we has döredijilikli zähmetler bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Döwletýar GURBANOW
Kaka etrabynyň 4-nji orta
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 48 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim ulgamynda uly ösüşler

96cc3564821cb80c6926fbebeee49858 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop