Dark
Light
26.01.2026
roundtables THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda geçirilen tegelek stol duşuşygy UNFPA-nyň gender deňligi boýunça tapgyrlaýyn çäreleriniň başlangyjy boldy

06.05.2025

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde, Ahal welaýatynyň ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen tegelek stol duşuşygyny geçirdi.

Tegelek stoluň maksady — “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň” ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we baha bermek, şeýle hem aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça geçirilen Milli synda berlen maslahatlaryň ýerine ýetirilişine degişli Ýol kartasynyň durmuşa geçirilişine baha bermekden ybarat boldy. Mundan başga-da, Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça Komitetiň berýän jemleýji maslahatlaryny amala aşyrmak üçin taýýarlanan Ýol kartasynda göz öňünde tutulan çäreler bilen hem tanyşdyryldy.

Çärä welaýatlaýyn düzümlerden 20-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda Ahal welaýat häkimligi, Mejlisiň deputatlary, saglygy goraýyş, bilim, zähmet we durmuş üpjünçiligi boýunça welaýat müdirlikleri, hukuk goraýjy edaralar, Zenanlar birleşiginiň we Ýaşlar guramasynyň ýerli bölümleri, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Kärdeşler arkalaşygy, Döwlet, Hukuk we Demokratiýa instituty, şeýle hem migrasiýa, serhet we gümrük gulluklarynyň  ýerli wekilleri bardy.

Duşuşyga gatnaşyjylar gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişinde gazanylan üstünlikleri we bar bolan meseleleri, şeýle hem Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça geçirilen Milli synyň netijelerine laýyklykda taýýarlanan Ýol kartasynyň we Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça Komitetiň jemleýji bellikleriniň ýerine ýetiriliş ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu pikir alyşmalaryň esasy maksady — gender deňligi uguryndaky tagallalaryň milli we halkara ölçegler bilen utgaşyklylygyny üpjün etmek boldy. Şeýle hem tegelek stoluň dowamynda “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda oba ýerlerindäki aýallaryň, maýyplygy bolan aýallaryň we ilatyň beýleki toparlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Aşgabatda geçirilen tegelek stol duşuşygy Türkmenistanda gender deňligini has-da berkitmäge gönükdirilen çäreleriň başlangyjy boldy. Gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine, şeýle hem Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky Milli synyň netijeleri esasynda taýýarlanan Ýol kartasynyň hem-de Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça Komitetiň maslahatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde üns merkeziniň jemlenmegi, milli derejede gendere deňligine gönükdirilen syýasaty we tejribäni ilerletmek üçin toplumlaýyn binýady döretmäge ýardam edýär. Şuňa meňzeş tegelek stol duşuşyklary 2025-nji ýylyň 4-nji iýunyna çenli Daşoguz we Balkan welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

UNFPA Türkmenistanyň hökümeti bilen gender deňligini öňe sürmek ugrunda strategik hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Gurama aýratyn ünsüni gender zorlugynyň öňüni almak we oňa jogap bermek, reproduktiw saglygy hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek hem-de dürli maksatnamalar we başlangyçlar arkaly gender deňligini ilerletmek ýaly ugurlara gönükdirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

626esshwovb0vdekmlmlpnwswqbbbrg7mr3mkb3i THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary

a039697c9313d7d3f85295ab40d8c979 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdynlyk — ruhubelentligiň binýady

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop