i 52 THE ASHGABAT TIMES

Energetika – uly ösüşlerimiziň berk binýady

07.05.2025

Häzirki wagtda Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň halkara hukuk binýadyny berkitmek we syýasy-diplomatik taýdan netijeli çäreleri alyp barmak bilen bilelikde, Türkmenistan bu örän ähmiýetli meseläniň söwda-ykdysady, dünýä bazary, diwersifikasiýa we turba geçirijileriň köp ugurly taslamalaryny amala aşyrmak, energiýa serişdelerini öndürmegiň, daşamagyň we sarp edişiň infrastrukturasy bilen bagly ugurlara hem uly üns berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyz sebitiň we dünýäniň iň ygtybarly we iri energetiki döwleti bolmak bilen, ýokarda bellenen ugurlarda halkara bileleşiginiň tagallalarynyň netijeli bolmagy üçin hyzmat edýän maksatnamalaýyn we uzak möhletlere gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirýär. Muňa mysal hökmünde, BMG-niň Baş Assambleýasy, dünýä bileleşiginiň ýurtlary energetika pudagy barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren başlangyçlaryny we tekliplerini dolulygyna goldaýandygyny aýdyp bolar.

Türkmenistan halkara energetika pudagyny dörediji we işjeň alyp baryjy taraplaryň hatarynda bolmak bilen, örän baý uglewodorod çeşmelerine eýe döwlet hökmünde tanalýar. Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatynda maksatlaýyn alnyp barylýan çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy biziň döwletimiziň XXI asyryň dünýä energiýa syýasatynda tutýan mynasyp ornunyň we ähmiýetiniň mundan beýläk hem ýokary derejelere göteriljekdigini ynamly bolar.

AKMYRAT ROZYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
a039697c9313d7d3f85295ab40d8c979 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdynlyk — ruhubelentligiň binýady

rq8gwb7cedsxqw71pn7hqeronxiiqgqjhavqlaz7 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop