Analitikleriň çaklamalaryna görä, täze iPhone 17 Air öňki şowsuz modeller bolan iPhone mini we iPhone Plus bilen meňzeş ykbaly başdan geçirip biler.
Täze enjamyň esasy aýratynlygy örän inçe korpusdyr, onuň galyňlygy myş-myşlara görä diňe 5,4 mm bolar. Bu ölçeg, täzeden çykan Galaxy S25 Edge-iň (5,8 mm) ölçeginden hem inçe we häzirki Apple flagmanlaryndan iki esse inçe bolup biler.
Emma bu inçelik üçin Apple käbir kompromislere gitmeli bolar. Ilki bilen, bu akkumulýatoryň göwrümini azaldyp biler, sebäbi enjamda giň ýer ýok.
Apple bu meseläni çözüp, iOS 19 arkaly energiýa tygşytlamak üçin emeli aň optimizasiýasyny ulanmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem, iPhone 17 Air goşmaça kameralary ýitirip biler. Myş-myşlara görä, bu model diňe bir sany 48 MP esasy kameraly bolar, edil iPhone 16e-de bolşy ýaly. Eger iPhone 17 Air-iň bahasy Plus modelleriniň derejesinde galýan bolsa, bu kamera we akkumulýatoryň esasy faktor bolan müşderileriň gyzyklanmasyny peseldip biler.