anmyq9c1hdnzi2zaz1re8zteeev23s23wcqztvhp THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

17.05.2025

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer Ali Alshehrynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ýola goýlan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli Parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy. 

Taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýetini belläp geçdiler. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar geljekde özara hormat goýmak, deňhuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
mti9guinuiyr2pfzlbcsrj8wfwmie90gbgbgoi6u THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

tgitiwp3daxxciieeqkjqwndl3fqyqnrjoiggxsx THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE TÜRKMEN-EÝRAN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Soňkylar Habar

GitTop