Dark
Light
25.01.2026
d7a6252f75378d211466c6c0e6c21d06 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragy- halkyň ruhy çyragy 

19.05.2025

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän döwletlilik ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berlip, olaryň barha rowaçlanmagy ugrunda tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahsyýetdir. Watanyny, öz il-gününi söýmek bilen çäklenmän, ýurduň özbaşdaklygyny saklamak ugrundaky watançylyk pikirlerini öňe süren şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde ýokary ähmiýetli gymmaty bardyr.

Häzirki döwürde Magtymguly atamyzyň halk arasyndaky saklanyp galan, dürli döwürlerdäki eserlerini, taryhy keşbini şekillendiriş sungatynyň üsti bilen beýan etmek, ýaşlarda Pyragynyň döredijiligine bolan söýgini terbiýelemek, zehinli, bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek esasy maksatlaryň biridir.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr.

Akyldar şahyryň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Dana Pyragynyň edebi mirasy Watana, ýurdumyzyň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä eýlenendir.

     Dünýä sungatynda bolşy ýaly, türkmen şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşinde hem ýazyjy şahyrlaryň, saz ussatlarynyň, medeniýet we döredijilik wekilleriniň keşplerini müdimileşdirmek uly orna eýe bolýar.    Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çeper  keşbini sungatyň ähli ugurlarynda waspyny ýetirmekde halypa suratkeşleriň hem-de zehinli ýaşlarynyň tutýan orny örän ulydyr. Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw-hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň şöhraty dünýä ýüzüne ýaýmaga mynasypdyr.

Aýjahan KADYROWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mio5wqj1vkiy4b2r03gr2qltezf2ht6orlllo0ch THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

i 5 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Häzirki zaman maglumatlar tory

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop