Colvir Software Solutions 25 ýyl! Bu kompaniýa 2000-nji ýylda Britaniýada esaslandyrylyp, bank we maliýe pudagy üçin awtomatlaşdyrylan çözgütleri işläp düzmekde öňdebaryjy boldy. 2025-nji ýylda Colvir Software Solutions özüniň 25 ýyllygyny belleýär we bu döwürde 600-den gowrak üstünlikli taslamany amala aşyrdy.
Colvir Software Solutions Türkmenistanda IT we bank ulgamlaryny ösdürmekde möhüm rol oýnaýar. Bu kompaniýa 17 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýar we sanly özgertmeleri goldamak üçin dürli taslamalary amala aşyrýar.
Kompaniýa diňe bir bank ulgamyny awtomatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ERP, internet-bank hyzmatlary, mobil bank çözgütleri we maglumat ammar ulgamlaryny hem ösdürdi. Şeýle hem, Colvir Software Solutions Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda, IT jemgyýetini ösdürmek we bank işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen bilim taslamalaryny amala aşyrýar.
Bu gün Türkmenistanyň ähli bank ulgamlarynyň agzybir işgarleri bilen 25 ýyllyk ösüşini baýram etdi.