7 scaled THE ASHGABAT TIMES

Azerbeýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Aşgabatda “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalyna gatnaşdy

20.05.2025

Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk sazy” halkara festiwaly dünýä medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biri hökmünde sungat muşdaklarynyň kalbyna ornaşdy. Bu abraýly çärä Azerbeýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Saida Şerifaliýewa gatnaşyp, nusgawy aýdym-saz sungatyna bolan çuňňur hormatyny we ussatlyk bilen ýerine ýetirijilik ukybyny görkezip, festiwalyň ruhuny has-da belende galdyrdy.

4 1 THE ASHGABAT TIMES

Festiwal Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan guralyp, Azerbeýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan goldanyldy. Sungat dünýäsinde nusgawy aýdym-saz eserleriniň häzirki zaman bilen sazlaşygyny üpjün etmek, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek we halklaryň özara sungat gatnaşyklaryny berkitmek bu çäräniň esasy maksadydy.

Bu sungat baýramçylygyna diňe bir Azerbeýjandan däl, eýsem, dürli ýurtlardan opera aýdymçylary, nusgawy saz gurallaryny ýerine ýetirijiler, şeýle hem trio, kwartet we kwintet görnüşindäki toparlar gatnaşdylar. Her bir sahna çykyşy medeniýetleriň özara täsiri we aýdym-saz sungatynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine uly goşant goşdy.

Azerbeýjanyň sungat serpaýyny festiwala mynasyp wekilçilik etmek bilen, Saida Şerifaliýewa sahnada Uzeýir Hajibeýliniň örän meşhur eserlerini ýerine ýetirdi. Onuň aýdym-saz döredijiliginde Hajibeýliniň “Arşin Mal Alan” operasyndan “Gülçohranyň ariýasy” aýratyn orun eýeledi. Türkmenistanyň meşhur wokalisti Mansur Şerifow bilen bilelikde ýerine ýetirilen “Asker we Gülçohra” dueti bolsa sahnada uly täsir galdyrdy.

2 1 THE ASHGABAT TIMES
1 1 THE ASHGABAT TIMES

Saida Şerifaliýewanyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Festiwalyň myhmanlarynyň arasynda Azerbeýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri hem bolup, olar sahnada ýerine ýetirilen eserleriň türkmen we azerbeýjan halklarynyň ruhy ýakynlaşmagyna goşant goşýandygyny bellediler.

9 THE ASHGABAT TIMES

Çäräniň ahyrynda Ilçihananyň wekilleri we muşdaklar Saida Şerifaliýewa bilen duşuşyp, sungat ulgamynda bitiren ajaýyp işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler we ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Bu halkara festiwal Azerbeýjan we Türkmenistan medeni gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen, sungat dünýäsinde nusgawy eserleriň döwrebap we täzeçe many bilen joşgunly berjaý edilmeginiň bir nusgasy boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:54 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
photo 2025 05 20 15 08 05 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Colvir Software Solutions 25 ýyllyk Ösüşini Türkmenistanda baýram etdi

img 4949 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň paýtagtynda BMG-niň guramagynda Merkezi Aziýanyň geljekki diplomatlary üçin sebit okuw maslahaty geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop