i 8 THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzda telekommunikasiýalar pudagynyň ösüşi

23.05.2025

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup ýazylýar.  Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly, “akylly” ulgamlar we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. 

Milli Liderimize ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary, saglygy goraýyş, bilim, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Bu innowasion tehnologiýanyň bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. 5G tehnologiýasynyň «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder. 

Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrüň talaplaryna we hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda ulgamlaýyn kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kosmos işi hakynda», «Radioýygylyk spektri hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» we başga-da birnäçe Kanunlar hereket edýär.  Türkmenistan milli telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga açykdyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer.

 Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Kibergiňişlikde sanly ulgamyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi.  Bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylyp, internetden peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Şeýlelikde, Bitarap Watanymyz geljege tarap ynamly ädimleri ädýär. Türkmenistany dünýä ähmiýetli iri halkara telekommunikasiýa merkezine öwürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän netijeli işler ýurdumyzyň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Myratgeldi PALTAÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 10 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Elektroenergiýa üpjünçiligi — abadan ýaşaýyş

img 20250523 165212 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Weterinariýa gullugynyň wekilleri BOMCA maksatnamasynyň çäginde geçirilen “Okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop