Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmek ýaşlarymyz üçin uly bagtyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylygy kepillendirýän uly güýçdir. Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ýörelgeler dünýä ýüzünde parahatçylygy, halklaryň dostlugyny we agzybirligini öňe sürýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolmak bilen, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwürýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmeklige ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentmiziň yzygiderli bildirýän talaplaryna berýän tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzyň daşky gurşawy gök öwsüp, abadançylyk we arassaçylyk keşbi has-da döwrebaplaşýar. Gün-günden gülläp ösýän merjen paýtagtymyz bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde gözelligi we özünde ýagşy arzuwlary, belent myhmansöýerligi jemleýändigi bilen meşhurlyga eýe boldy.
Bu günki günde hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar. Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir.
Gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolmagyny, Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, agzybir halkymyzyň eşretli we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Mähri NURYMOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby