Dark
Light
24.01.2026
10714eb4d577cab14e41650dc10c024b 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Tebigatyň gözelligi – adamzadyň ähmiýetli mirasy

28.05.2025

Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzda daş-töweregi gurşap alan tebigata has aýawly çemeleşmek duýgularyny döredipdir. Gadymdan bäri eziz ülkämiziň özboluşly tebigatyna paýhasly çemeleşmek ýörelgesi halkymyzyň aňyna pugta ornaşyp, ýüze çykan ekologiýa meselelerini çözmegiň özboluşly tärleri kemala gelipdir. Dünýä ýüzünde ekologiýa bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler adamyň tebigata edýän täsiriniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgüni ösdürmek döwlet derejesindäki syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işler diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bähbitlerine hyzmat edýär. Tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek bolsa durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Şu mümkinçilikler sanly ulgam bilen utgaşdyrylyp has-da kämilleşdirilýär. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň eko ulgamy hem bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge degişlidir. Arkadag şäheriniň eko ulgamy döwrebaplygy we häzirkizaman ýagdaýy bilen tapawutlanýar hem-de halkara derejesinde ykrar edilýär. Ýeri gelende bellesek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagy gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleriniň ulanylyşyny peseltmek arkaly atmosfera goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaldyp, daşky gurşawy, atmosfera howasyny, ozon gatlagyny goramagyň zerur şertleriniň biridir.

Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik dabaralary bu ugurda edilýän tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem, ýaşlaryň ekologiýa işlerine işjeň çekilmegi, ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna hyzmat edýär. Eziz Diýarymyzda tebigy gaz serişdelerini dünýä bazaryna ekologiýa taýdan howpsyz we arassa görnüşde ýetirmek babatynda öňdebaryjy tejribe toplandy. «Ýaşyl energetika» ulgamynda hem birnäçe başlangyçlar öňe sürülýär. Gün we ýel energiýasyny peýdalanmak boýunça alnyp barylýan barlaglar we taslamalar ýurdumyzyň bu ugurda hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň bilim ulgamynda hem ekologiýa taýdan sowatly nesilleri ýetişdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda tebigaty goramak bilen baglanyşykly sapaklar we çäreler geçirilýär. Bular ýaşlarda tebigata bolan söýgini, hormaty kemala getirýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramaga degişli iň ýagşy görelde-nusgalary görkezmäge mynasypdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde eziz Diýarymyzda bu ugurda birnäçe Kanunlar we Maksatnamalar kabul edildi.

Daşky gurşawy goramakda, tebigaty aýawly saklamakda dünýä ähmiýetli işleri durmuşa geçirip, biz ýaşlara şahsy görelde görkezýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, işleri rowaç bolsun.

Yhlasberdi Çaryýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

56dfa280042d64a98d11b585d28601f9 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ak şäherim Aşgabat

asfafdagdf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni Türkmenistanda bellendi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop