Eziz Diýarymyz Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny subut edip, dünýäde parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga işjeň goşant goşýar. Türkmen halkynyň çuňňur taryhy köklere esaslanýan Bitaraplyk hukuk binýady öçmejek şamçyraga öwrülip, bu günki günde halkymyzyň edebi we medeni mirasynda hem öz şöhlesini bütin dünýä ýüzüne saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylygy kepillendirýän uly güýçdir. Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ýörelgeler dünýä ýüzünde parahatçylygy, halklaryň dostlugyny we agzybirligini öňe sürýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolmak bilen, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwürýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri möhüm meseleler babatda halkara derejelerinde alnyp barylýan gepleşikleriň yzygiderli ilerlemegine badalga berýär. Şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylyp, hyzmatdaşlyklaryň has-da ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.
Bu gün türkmen halky ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip gelen, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlarynyň düýp esasynda halkymyzyň wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, açyklyk ýaly asyrlarboýy türkmen halkynyň ganyna siňen ýörelgeleri ýatyr.
Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň her bir gününi möhüm wakalara we üstünliklere besleýän agzybir, zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barýar.
Akjagül ÝOLDAŞOWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy