Dark
Light
24.01.2026
lager 2bas 1 THE ASHGABAT TIMES

Çagalar tomusky dynç alyş möwsümine ugradyldy

02.06.2025

Şu gün ― 2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Ir säherden aýdym-sazlara beslenen dabara dynç alşa ugradyljak çagalar we olaryň hossarlary, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Körpe nesilleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazlar, çagalar folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Aýdym-sazly çykyşlardan soň, mekdep okuwçylary bezelen awtobuslaryň kerwenine tarap ugradylar. Olar tiz wagtdan bellenen ýere — dynç alyş merkezlerine bardylar. Bu ýerde çagalary mähirli garşyladylar, olara baýramçylyk süýjülikleri hödürlenildi, dynç alyş çäreleri guraldy.
Ýeri gelende bellesek, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk gördüler. Şunda çagalar üçin ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasynyň taýýarlanylandygyny nygtamak gerek.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 11 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – parahatçylyk binýadymyz

turksoy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlarynyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop