Türkmenistanda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä Welosiped güni giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli paýtagt Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Sport çäresine Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baştutanlyk etdi.
Welosipedli ýörişe Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin we ilçihananyň diplomatlary hem gatnaşdylar.
Bu halkara baýramçylyk 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan yglan edildi. Onuň maksady welosipedi arzan we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde wagyz etmekden, ekologiýa taýdan arassa transport serişdesini ösdürmekden we saglygy goramakdan ybaratdyr.
Türkmenistan bu sene mynasybetli dürli sport çärelerini, ekologiýa boýunça wagyz işlerini we sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýän başlangyçlary dowam etdirýär.