Ýurduň Demokratik partiýasynyň wekili Li Çže Mýon Koreýa Respublikasynyň täze Prezidenti boldy. Ol öňki döwlet Baştutany Ýun Sok Ýol wezipesinden aýrylandan soň geçirilen gyssagly saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berýär.
Resmi netijelere görä, saýlanan Prezident Li sesleriň 49,42%-ini aldy. Onuň esasy garşydaşy Halk güýç partiýasynyň dalaşgäri Kim Mun Su bolsa 41,15% ses aldy.
TDH-niň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
«THE ASHGABAT TIMES».