Düýn, 4-nji iýunda Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň möhüm tapgyry bolan şu ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi.
29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara bugdaý meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. 11-nji iýunda bu jogapkärli işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşularlar.
Şu ýylda ýurdumyzyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy.
«THE ASHGABAT TIMES».